Russiýa Ýars Materikara Balistiki Raketa Ulgamlary Bilen Türgenleşik Geçirdi
Türgenleşige jemi 3 müňden gowrak esger we 300-e golaý harby enjam gatnaşýar

Russiýa, Nowosibirskde 3 müň hünärmeniň gatnaşmagynda Ýars materikara balistiki raketa ulgamlary bilen türgenleşik geçirdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Ýars materikara raketa ulgamlary bilen Nowosibirskde türgenleşik geçirilýär. Türgenleşige jemi 3 müňden gowrak esger we 300-e golaý harby enjam gatnaşýar” diýildi.
Ýars raketalarynyň menzili 11 -12 müň kilometr hökmünde bilinýär.
2010-njy ýylda ilkinji gezek öndürlen raketa ulgamy bilen ilkinji synag 2007-nji ýylda geçirlipdi.
Degişli Habarlar

Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy
Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.

NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar