Russiýa ABŞ-na START ylalaşygy bilen bagly reaksiýa bildirdi

Sergeý Lawrow ady agzalan ylalaşygyň ýurdy tarapyndan ýatyrylandygyna ünsleri çekdi

1966826
Russiýa ABŞ-na START ylalaşygy bilen bagly reaksiýa bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň materikara ýadro ballistik raketa mümkinçiliklerini düzgünleşdirmegi maksat edinýän Täze Startegik ýaraglaryň azaldylmagy ylalaşygy (START) babatynda çemeleşmesini üýtgetmelidigini belläp: "ABŞ-lylar bilen Täze START bilen baglanşykly hiç hili aragatnaşyk ýok" diýip belledi. 

Russiýanyň TASS habarlar agentligine beýannama beren Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky Täze START ylalaşygynyň üstünde durup geçdi. 

Sergeý Lawrow ady agzalan ylalaşygyň ýurdy tarapyndan ýatyrylandygyna ünsleri çekdi. 

Sergeý Lawrow: "ABŞ-lylar bilen Täze START bilen baglanşykly hiç hili aragatnaşyk ýok. Olar bize nota ugradyp kararymyzy protest edýärler we şol karary kabul etmäge hakymyzyň ýokdugyny aýdýarlar. Bularyň ählisi hukuk taýdan ähmiýetsiz argumentlerdir" diýip belledi. 

ABŞ-nyň şol ylalaşygyň prinsiplerini dolulygyna berjaý etmändigini aýdan Sergeý Lawrow, ady agzalan prinsipleriň Russiýanyň we ABŞ-nyň strategik durnuklylygy goramak bilen tagallalaryň çäginde ikitaraplaýyn ynama, hormada we hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny beýan etdi. 

Sergeý Lawrow: "Bu babatda ABŞ bilen aragatnaşygy dowam etdirmek üçin olaryň çemeleşmelerini üýtgetmekleri we Täze START-da bar bolan ýörelgeler bilen birlikde döwletlerarasy gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi babatynda raýat ýörelgeleriniň düzgünlerini berjaý etmekleri zerurdyr" diýip nygtady. 

Russiýanyň Parlamendiniň aşakgy ganady Döwlet Dumasy Täze START ylalaşygyny ýatyrýan kanuny 22-nji fewralda kabul edipdi. 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar