Fransiýada guralan ýaragly hüjümde iki adam ýogaldy

Fransiýanyň Renn şäherinde düýn gije guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy

1967076
Fransiýada guralan ýaragly hüjümde iki adam ýogaldy

Fransiýadaky ýerli we sebitleýin radio stansiýalary tory "France Bleu"-niň berýän habaryna görä, düýn sagat 22:00-da bir adam Renn şäherindäki söwda merkezleriniň biriniň golaýynda ýeňil ýarag bilen od açdy. 

Hüjümde 29 we 35 ýaşlarynda 2 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy. 

Waka bilen baglanşykly adam öldürmek we adam öldürmäge synanyşmak bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

Gaçan hüjümçiniň gözlenýändigi, hüjümiň neşe söwdasy bilen baglanşykly içerki hasaplaşyk bolup biljekdigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Fransiýa , #hüjüm

Degişli Habarlar