Saud Arabystanynyň "Saudi Aramko" kärhanasy Hytaýda desga gurar
Saud Arabystanynyň milli nebit kärhanasy "Saudi Aramko" Hytaýda nebiti gaýtadan işleýän zawod we nebithimiýa desgalaryny gurjakdygyny mälim etdi
1965315
"Saudi Aramko" kärhanasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Hytaýyň Norinko we Panjin kärhanalary bilen umumy kärhana açyldy.
Umumy kärhananyň 30 göterimi "Saudi Aramko" kärhanasyna, 51 göterimi Norinko kärhanasyna we 19 göterimi hem Panjin kärhanasyna degişli bolar.
Kärhanalaryň umumy tagallalary bilen günde 100 müň barrel önümçilik mümkinçilikli nebiti gaýtadan işleýän zawod bilen birlikde ýyllyk 1,65 million ton etilen we 2 million tonna para-ksilol önümçilik göwrümli nebithimiýa desgalary gurular.
Taslamanyň gerek bolan rugsatnamalary alanyndan soň gurluşygyň şu ýylyň aprel aýynda başlamagy meýilleşdirilýär, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň we nebithimiýa desgalarynyň hem 2026-nji ýylda işläp başlamagy göz öňünde tutulýar.