Saud Arabystanynda 20 Adam Heläk Boldy

Umra zyýarata barýanlary alyp giden awtobusyň 20 ýolagçysy heläk boldy

1965923
Saud Arabystanynda 20 Adam Heläk Boldy

Saud Arabystanynda umra zyýarata barýanlary alyp giden awtobusyň 20 ýolagçysy heläk boldy

Saud Arabystanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mälim etmegine görä Abha we Muhaýyl Asir şäherleriniň arasynda ýolagçy awtobusy köprä kakdy.

Umra zyýaratçylaryny alyp barýan awtobusyň köprä kakyp agdarylyp, ýanmagy sebäpli 20 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Ýemeniň metbugaty bolsa ýol heläkçiligine sezewar bolan awtobusyň ýemenli zyýaratçylary alyp barýandygyny ýazdy.

Resmi ýolbaçylar ýol ulag heläkçiligi hakynda henize çenli beýannama bermedi.



Degişli Habarlar