Germaniýanyň beren Leopard tanklarynyň Ukraina barandygy öňe sürüldi
Germaniýanyň hökümediniň 18 sany Leopard esasy söweş tankyny Ukraina berendigi öňe sürüldi
Spiegel žurnaly geçen hepdäniň ahyrynda tanklaryň Germaniýadan ýola çykyp, Ukraina serhedinde gowşurylandygyny mälim etdi.
Leopard tanklarynyň köp sanly ýarag we ätiýaçlyk şaýlary bilen birlikde Ukraina gowşurylandygy habar berildi.
Habarda Leopard tanklaryndan daşary şeýle hem 40 sany Marder kysymly sowutly ulagynyň hem söweşiň başdan geçirilýän sebite baryp ýetendigi aýan edildi.
Germaniýanyň hökümediniň howpsuzlyk aladalary sebäpli ýarag üpjünçiliginiň geçen ýolunyň gizlin ýagdaýda saklanandygy beýan edilen habarda, Germaniýanyň goşunynyň soňky 2 aýda ukrainaly esgerlere tiz bilim programma esasynda tälim berendigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Zelenskiý, Italiýada geçirilýän Ambrosetti forumynyň Ukraina-Russiýa söweşi oturlyşygyna gatnaşdy.
Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy
Gazadaky 564 mekdepden 477-sine Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zeper ýetirildi.