Amerikan Esgerleri Siriýada Öz Wezipesini Dowam Etdirer
Jon Kirby, ABŞ-nyň Siriýadaky harby desgalaryna guralan hüjüm hakynda durup geçdi

ABŞ-da Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň utgaşdyryjysy Jon Kirby, Amerikan esgerleriniň Siriýada öz wezipesini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Jon Kirby, ABŞ-nyň Siriýadaky harby desgalaryna guralan hüjüm hakynda durup geçdi
Kirby “Bu başbozarlar tarapyndan guralan uly hüjümdi we Prezident Baýdeniň tabşyrygy boýunça hüjüme degişli gaýtawul görkezildy diýdy
“Siriýada müňe golaý esgerimiz bar. Esgerleriň sany azaldylan bolsa-da olar DAEŞ-e garşy täsirli göreş alyp barýar” diýen Kirby, şol sebäpli hem ABŞ-nyň esgerleriniň Siriýadaky wezipesini dowam etdirjekdigini we Baýdenyň bu meselede tutanýerlidigini belledy
Kibry, Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň 23-nji martda Yrakdaky we Siriýadaky hünärmenlerine we desgalaryna guralan hüjümlere Prezident Baýdenyň tabşyrygy boýunça goşmaça gatawul görkezip biljekdiklerini belledy
25-nji martda Siriýanyň Deýrizor welaýatynda Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň iş alyp barýan sebitlerinden Amerikan güýçleriniň ornaşan Ömer nebit we Kuniko gaz giňişligine raketa hüjümleri guralypdy.
Degişli Habarlar

Kerkukda Ebola Wirusy Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Wirus sebäpli 1 adamyň ýogalandygy, 1-i agyr 2 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi bellenildi.