Russiýanyň Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyna reaksiýa bildirilýär

Putin 25-nji martda Belarussiýa taktiki ýadro ýarag ornaşdyrjakdyklaryny belläp: "Ony ýadro ýaraglaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň öňüniň alynmagy bilen baglanşykly halkara jogapkärçiliklerimiziň düzgünini bozmadan ýerine ýetireris" diýip aýdypdy

1965666
Russiýanyň Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyna reaksiýa bildirilýär

Litwanyň daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň Belarussiýa taktiki ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyny gowşaklyk hökmünde häsýetlendirdi. 

Litwanyň daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Russiýayň kabul eden kararyny tankyt etdi. 

Russiýa güýçli reaksiýa bildirilmeginiň gerekdigini aýdan Litwanyň daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis: "Russiýa şol karary bilen güýçlüdigini däl, eýsem gowşaklygyny görkezýär. Berk sanksiýalar, Baltika sebitine harby güýjüň ornaşdyrylmagy we NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmegi raýdaşlygy we tutanýerliligi görkezer" diýip belledi. 

Polşanyň daşary işler ministrliginden berilen beýanatda hem: "Putiniň karary Russiýanyň Ukraina garşy edýän agressiýasy bilen bagly ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrar. Ol Belarussiýany Russiýanyň söweşine goşmak bilen bagly bir ädim" diýip nygtady. 

Şweýsariýanyň daşary işler ministrligi hem Russiýanyň Belarussiýa taktiki ýadro ýarag ornaşdyrjakdygyny beýan etmegi bilen bagly mesele barada Twitter hasabyndan beýannama berdi. 

Beýannamada: "Russiýanyň Belarussiýa taktiki ýadro ýarag ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigi bilen bagly habarlara esaslanyp Şweýsariýa ýadro ýaraglar bilen baglanşykly ähli töwekgelçilikleri azaltmak üçin gyssagly çäreleriň görülmegi barada çagyryş berýär" diýip habar berildi. 

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin 25-nji martda Belarussiýa taktiki ýadro ýarag ornaşdyrjakdyklaryny belläp: "Ony ýadro ýaraglaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň öňüniň alynmagy bilen baglanşykly halkara jogapkärçiliklerimiziň düzgünini bozmadan ýerine ýetireris" diýip aýdypdy. 

NATO we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň şol kararyny jogapkärçiliksiz hökmünde beýan edipdi. Ukrainanyň daşary işler ministrligi hem BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary maslahat geçirmegi barada talap bildiripdi. 



Degişli Habarlar