Russiýa Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrar

Russiýa Belarussiýanyň territoriýasynyň çäginde ýadro ýarag ornaşdyrar

1965048
Russiýa Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýa bilen Belarussiýanyň ýadro ýarag babatynda ylalaşyga gelendigini habar berdi. 

Belarussiýanyň topraklarynyň çäginde taktiki ýadro ýarag ornaşdyrjakdyklaryny aýdan Putin, Russiýanyň "Ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüniň alynmagy bilen bagly ylalaşygyň" düzgünini bozmadan ýadro ýaraglary Belarussiýanyň territoriýasynyň çägine ýerleşdirjekdiklerini mälim etdi. 

Wladimir Putin ABŞ-nyň Ýewroapdaky ýadro ýaraglaryny göz öňünde tutup: "Ýaraglary Belarussiýa bermeýäris, ol ýere ýerleşdirýäris, edil ABŞ-nyň Ýewropada edişi ýaly" diýip belledi. 

Putin Russiýanyň häzirki wagtda Belarussiýa taktik ýadro ýarag götermek mümkinçiligine eýe 10 howa ulagyny ugradandygy barada maglumat berdi. 

Rus lider Belarussiýada ýadro ýaraglaryň ýerleşdiriljek desganyň gurluşygynyň 1-nji iýula çenli Russiýada tarapyndan tamamlanjakdygyny mälim etdi. 

Demirgazyk Akym 1 we Demirgazyk Akym 2 tebigy gaz geçiriji turba liniýalarynda geçen ýyl bolan partlamalaryň üstünde durup geçen Putin, Pulitzer sylagyna laýyk görülen žurnalist Seýmur Herşiň Demirgazyk Akym liniýalaryndaky partlamalaryň ABŞ-nyň razwedka gulluklary tarapyndan gurnalandygy barada netijä gelendigini belläp: "Onuň aýdýanlaryna dolulygyna goşulýaryn" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar