Ispaniýada tokaý ýangynlary başdan geçirilýär

Ispaniýada şu ýylyň ilkinji uly tokaý ýangynyna garşy göreş alynyp barylýar

1965015
Ispaniýada tokaý ýangynlary başdan geçirilýär

Ispaniýanyň gündogaryndaky Walensiýa şäheriniň obalyk ýerinde ýüze çykan tokaý ýangynlary, 4 müň gektardan gowrak meýdany küle öwürdi. 

Ispaniýada şu ýylyň ilkinji uly tokaý ýangynyna garşy göreş alynyp barylýar. 

Ispaniýanyň gündogaryndaky Walensiýa şäheriniň Wilýanuewa-de-Wiwer obasynda 2 gün ozal başlan ýangyna garşy 20 uçar we dikuçar bilen 500-den gowrak ýangyn söndüriji, ýangyny gözegçilik astyna almak üçin göreş alyp barýar. 

Ýangynda häzirki wagta çenli 4 müň gektardan gowrak meýdan küle döndi, 8 oba we şäherçede ýaşaýan 1 müň 500 adam öýlerinden ewakuasiýa edildi. 

Eýýäm 3 ýyl bäri ýagyşyň az ýagýan Ispaniýada ençeme wagt bäri gurakçylyga garşy göreş alynyp barylýar. 

Ýewropanyň Tokaý ýangnlary maglumat ulgamynyň berýän habaryna görä, geçen ýyl ýurtda 493 ýangyn ýüze çykdy, 307 müň gektar ýere zyýan ýetdi. 


Etiketkalar: #Ispaniýa , #ýangyn , #tokaý

Degişli Habarlar