Ýaponiýanyň Premýer ministri Ukrainada saparda bolýar

Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde saparda bolýar

1963276
Ýaponiýanyň Premýer ministri Ukrainada saparda bolýar

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio bilen duşuşyk geçirdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda "Halkara düzgüni güýçli goragçysy we Ukrainanyň köne dosty" Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumiony Kiýewde myhman etmekden hoşaldygyny habar berdi. 

Wolodimir Zelenskiý: "Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio BMG-nyň Ylalaşygynyň maksadyny we ýörelgelerini we umuman ýagdaýda  halkara howpsuzlygy goramak üçin global liderligi işjeňleşdirmegiň ähmiýetli bolan bir zamanada Ukraina geldi" diýip belledi. 

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumionyň maý aýynda Hirosimo şäherinde geçiriljek G7 Liderler sammitinden ozal, ýurdunyň Ukraina tutanýerli goldawyny nygtap geçjekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar