Gresiýa Saýlawlara Taýarlanýar
“Saýlawlar iýul aýynda däl eýsem maý aýynda geçirler. Saýlawlaryn ikinji tapgyry belki iýul aýynda geçirlip bilner”
1963464

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis ýurtda umumy saýlawlaryň maý aýynda geçiriljekdigini aýtdy.
Gresiýanyň Alpha telewideniýesine beýannama beren Mikotakis gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat berdi.
Mikotakis, Täze Demokrat hökümetiň 4 ýyllyk iş möhledini tamamlamak isleýändigini nygtady.
Mikotakis “Saýlawlar iýul aýynda däl eýsem maý aýynda geçirler. Saýlawlaryn ikinji tapgyry belki iýul aýynda geçirlip bilner” diýdi.
Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, şäriklik hökümetine oňyn garamaýandygyny belledi.
Degişli Habarlar

Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy
Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.