Baýden Kowid-19 Hakyndaky Maglumatlaryň Ýüze Çykarmak Hakyndaky Kanuny Tassyklady
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kowid-19 wirusynyň gelip çykyşy hakyndaky maglumatlaryň gizlinligini ortadan aýyrjak barlaglaryň öňüni açjak kanuny tassyklady.
Baýden mart aýynyň başynda Amerikanyň Kongressinde Respublikaçylaryň we Demokratlaryň bir agyzdan kabul eden hem-de koronawirusyň gelip çykyşy hakyndaky maglumatlaryň öňüni açjak kanun taslamasyny tassyklady.
ABŞ-nyň Prezidentiniň ýazmaça beýannamasynda; “Geljekdäki pandeiýalaryň öňüni almagy ýeňilleşdirmek üçin Kowid-19-yň gelip çykyşyny öwrenmek möhüm. Hökümetimi Hytaýdaky Uhan wirologiýa institutyndaky potansial arabaglanşyklar bilen bilelikde Kowid-19-yň gelip çykyşy bilen baglşy ähli gizlik maglumatlar öwrenilmäge dowam ediler” diýilýär.
Kanun, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk departamentini Kowid-19 pandemiýasyny ýüze çykmazdan ozal Uhan wirologiýa institutynda geçirilen koronawirus boýunça ylmy barlaglary ýa-da beýleki degişli işleri öwrenmäge gönükdirer.
ABŞ-nyň esasanda Respublikaçy gatlagy pandemiýanyň başlamagyndan bäri 1 milliondan gowrak amerikalynyň aradan çykmagyna sebäp bolan Kowid-19-yň Hytaýyň Uhan şäherindäki laboratoriýalardan birinden ýaýrandygy öňe sürülýän bolsa, hökümetiň agzalary wirusyň laboratoriýadan ýaýrandygy ýa-da haýwanlardan ýokaşandygy meselesine has ünsli çemeleşýär.
Degişli Habarlar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Hytaýda Saparda Bolar
Entoni Blinkeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Hytaýa sapar guramagy meýilleşdirilýär.