Ukrainadan Polşa Geçen Immigrantlaryň Sany 10 Million 500 Müňden Geçdi
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Polşa gelen ukrainleriň sany artdy.
1962396

Polşa tarapyndan berlen beýannama görä, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Polşa gelen ukrainleriň sany artdy.
Beýannamada, ýurda diňe düýn 23 müň 900 adamyň girendigi nygtalyp, “Söweşiň başlan gününden bäri Ukrainadan Polşa geçenleriň sany 10 million 500 müň adamdan geçdi” diýildi.
Beýannamada, Polşadan giden ukrainleriň sanynyň bolsa 8 million 600 müň adamdygy ýatladyldy.
Polşada geçirlen sowalnama görä, ýurtda ýaşaýanlaryň 81 göterimi Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýurda gelen immigrantlara goldaw berilmelidigi barada pikir edýär.
Degişli Habarlar

Putin AKKA Şertnamasyny Ýatyrdy
1990-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Fransiýanyn patagty Parižde baglaşylan AKKA şertnamasy bes edildi.