Koreýa Ýarym Adasy Dartgynlaşýar

ABŞ bilen söweşmek üçin 1 million 400 müň adamyň harby goşunyň hataryna ýazylandygy habar berildi.

1962641
Koreýa Ýarym Adasy Dartgynlaşýar

 

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi, ABŞ bilen söweşmek üçin 1 million 400 müň adamyň harby goşunyň hataryna ýazylandygyny habar berdi.

Habarda, harby goşunyň hataryna goşulmak üçin nobata duran ýaşlaryň wideo ýazgylaryna ýer berildi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň hepdäniň ahyrynda geçirlen ABŞ bilen Günorta Koreýa garşy ýadro hüjüm senarili harby türgenleşige gatnaşandygy nygtaldy.

ABŞ bilen Günorta Koreýanyň harby goşunlary sebitde soňky ýyllaryň iň uly harby türgenleşigini geçirýär.

Demirgazyk Koreýa, Günorta Koreýanyň paýtagty Seuldan 65 kilometr alysda geçirilýän harby türgenleşige berk garşylyk görkezdi.

Türgenleşik basyp alyşlyk synanşygy hökmünde häsiýetlendirildi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar