Boko Haram Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Terror guramasy Boko Haram Džibrilli etrapçasyna hüjüm gurady.

1962301
Boko Haram Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Kamerunda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, terror guramasy Boko Haram Džibrilli etrapçasyna hüjüm gurady.

Hüjümde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gurama 2015-nji ýyldan bäri ýurduň goňşulary Kamerunda, Çatdan we Nigerde hem hüjümler guraýar.

 



Degişli Habarlar