Yrak Bilen Eýran Howpsuzlyk Şertnamasyny Baglaşdy

Eýranyň Milli ýokary howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Ali Şemhani Yrakda saparda boldy

1962018
Yrak Bilen Eýran Howpsuzlyk Şertnamasyny Baglaşdy

Yrak bilen Eýran, gümrük geçelgelerini öz içine alýan howpsuzlyk şertnamasyny baglaşdy.

Yrak tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Premýer-ministr Siýa-as Sudani, paýtagt Bagatda saparda bolan Eýranyň Milli ýokary howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Ali Şemhani bilen duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Sudani, Yragyň goňşularyna garşy “hüjüm giňişligi” bolmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtady.

Sudani bilen Şemhani duşuşykda Hytaýyň töwellaçylyk etmeginde Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda baglaşylan şertnama hakynda hem pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Duşuşygyň çäginde Yrak bilen Eýran, gümrük geçelgelerini öz içine alýan howpsuzlyk şertnamasyny baglaşdy.


Etiketkalar: #şertnama , #Eýran , #Yrak

Degişli Habarlar