Putin Hytaýda çap edilýän gazet üçin makala ýazdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, gegemoniýany öňe sürýän we dünýä sazlaşygyny bozýan käbir ýurtlaryň tersine Russiýanyň we Hytaýyň egin-egine durup, umumy howplara garşy göreş alyp barýandygyny beýan etdi

1962386
Putin Hytaýda çap edilýän gazet üçin makala ýazdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň Moskwa gurajak saparyndan ozal Hytaýyň "Halkyň gündeligi" gazedi üçin makala ýazdy. 

Putin ikitaraplaýyn häsýetdäki söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmagynyň paýynyň artdyrylmagy we gatnaşyklaryň has hem özbaşdak ýagdaýa gelmeginiň ähmiýetlidigini beýan etdi. 

Wladimir Putin gegemoniýany öňe sürýän we dünýä sazlaşygyny bozýan käbir ýurtlaryň tersine Russiýanyň we Hytaýyň hakyky ýagdaýda köprüler gurýandygyny belläp, umumy howplara garşy göreş alyp barýandygyny beýan etdi. 

Putin Russiýanyň we Hytaýyň halkara hukuga esaslanýan adalatly, köp polýarly dünýä düzgüniniň gurulmagyny dowamly häsýetde öňe sürýändigini habar berdi. 

Putin: "ABŞ-nyň Russiýa we Hytaý bilen birlikde Amerikan diktaturasyna boýun bolmaýan her kimi gabamak syýasaty, has çürt-kesik we hyjuwly ýagdaýa gelýär. Halkara howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk binagärçiligi bölünýär. Russiýa gönüden howp we Hytaý strategik bäsdeş hökmünde yglan edildi" diýip nygtady. 

Ukraina meselesinde Hytaýyň deňagramly çemeleşmesi sebäpli minnetdardyklaryny aýdan Putin, Ukraina bilen parahatçylyk tapgyrynyň geljeginiň, geosyýasy hakykatlar göz öňünde utulyp, çynlakaý gepleşiklere taýarlykly bolmaga baglydygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #Hytaý , #Ukraina

Degişli Habarlar