Orta Afrika Respublikasynda magdan känine hüjüm guraldy
Orta Afrika Respublikasynyň Bambari şäherindäki magdan känleriniň birine ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde 9 hytaýly işgär ýogaldy
1961981
Milli metbugatda berilen habarlara görä, Bambari şäheriniň Çingbolo obasynda ýerleşýän Hytaýyň "Gold Coast Group" kärhanasyna degişli magdan käni şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlaryň hüjümine sezewar galdy.
Hüjümde magdan känindäki ulaglary we ýaşaýyş ýerlerini talan hüjümçiler, şeýle hem hytaýly 9 işgäri öldürdiler.
Hytaýyň "Gold Coast Group" kärhanasynyň sebitde 5 gün ozal işläp başlandygy habar berildi.
Hüjümçileri tapmak üçin sebitde operasiýa başladyldy.
Orta Afrika Respublikasynda 3 gün ozal hem Nana-Mambere sebitiniň Gbembo obasynyň golaýynda ýerleşýän magdan känine Üýtgeşiklik üçin watançylaryň koalisiýasy atly gozgalaňçy toparyň agzalary hüjüm gurapdylar we Hytaýyň 3 raýatyny zamun alypdylar.