BSGG Ýemende Gyzamyk Hassalygynyň Ýaýraýandygyny Duýdurdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Ýemende gyzamyk we çaga ysmazy hassalyklaryna ýolukýanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi.
BSGG bu barasynda Twitter hasabyndan habarnama berdi.
Berilen habarnamada; “Ýemende gyzamyk we çaga ysmazy hassalyklary ýaýraýar” diýilýär.
Habarnamada, gyzamyga ýolugan çagalaryň 80 göteriminden gowragynyň sanjymsyzdygy nygtalyp, Ýemende sanjymyn zerurlyk bolandygyna üns çekildi.
Ýemeniň hökümeti birnäçe wagt ozal BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNİSEF) we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen 12 welaýatda çaga ysmazy sanjymy üçin kampaniýa başladypdy.
Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň gözegçilik edýän sebitlerinde 2021-nji ýyldan bäri 227 çaganyň ysmaz keseline ýolukmagyndan soň hökümet işe girişipdi.
Ýurtda çaga ysmazy Sana, Zamar, Hudaýda, Sada, İbb, Hajja, Al-Baýda we Amran welaýatlarynda ýüze çykýar.
Ýemeniň Saglygy goraýyş ministrligi 2020-nji ýylyň martynda beren beýannamasynda ýurtda çaga ysmazynyň 2005-nji ýylda doly gutarandygyny, emma Husileriň lukmanlaryň sebite barmagyna rugsat bermeýändigi sebäpli Hajja we Sada şäherlerinde hassalygyň artandygyny mälim edipdi.