Slowakiýa Ukraina Harby Uçar Berer
Heger, “Slowakiýanyň hökümeti 13 Mig-29 kysymly uçaryň Ukraina berilmegini tassyklady” diýdi.

Slowakiýanyň Premýer-ministri Eduard Heger, ýurtda ulanylmaýan 13 sany Sowet Mig-29 kysymly harby uçaryň Ukraina berilmegi barada kararyň kabul edilendigini habar berdi.
Heger, birnäçe wagtdan bäri gün tertibinde esasy orun eýeleýän sowet uçarlarynyň Ukraina berilmegi meselesi hakynda beýannama berdi.
Heger, “Slowakiýanyň hökümeti 13 Mig-29 kysymly uçaryň Ukraina berilmegini tassyklady” diýdi.
Heger, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimi Zelenskiýniň harby uçarlar bilen birlikde has köp ýarag talap edendigini, özleriniň hem elinden geldigiçe kömek bermäge çalyşjakdyklaryny ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Taýwanyň ABŞ-dan Satyn Alan Raketalary Şu Ýyl Gowşurlar
Raketalaryň Taýwana satylmagy üçin ABŞ bilen 2019-njy ýylyň iýul aýynda şertnama baglaşylypdy

HPG, Ukraina 15,6 Milliard Dollarlyk Maliýeleşdiriş Kömegini Berer
Karara laýyklykda 2,7 milliad dollaryň gyssagly tölenmegine rugsat berildi