Ukrainada 6 aý gizlenen rus esger tussag edildi

Ukraina Harkow welaýatyndaky terk edilen binalarda takmynan 6 aýyň dowamynda gizlenendigi bellenen bir rus esgeriniň tussag edilendigini habar berdi

1959517
Ukrainada 6 aý gizlenen rus esger tussag edildi

Ady geçen 42 ýaşyndaky esger, polisiýa işgärleriniň Kupýansk-Wuzlowýi sebitindäki obalarda gözegçilik işlerini geçirýän mahaly göz tussaglygyna alyndy. 

Esgeriň 27-nji rus aýratyn gwardiýa motoatyjy brigadanyň düzüminde bolandygy habar berildi. 

Ukrainanyň Polisiýa gullugyndan mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Tussag edilen rus esger Kupýansk sebitiniň Ukrainanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan azat edilmeginden bäri gizlenendigini öňe sürdi" diýip habar berildi. 

Ýönekeý raýat egin-eşiginde suraty paýlaşylan adamyň 6 aýyň dowamynda nädip gizlenendigi entek anyklanmady. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada görkezme beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy. 

 


Etiketkalar: #gizlenmek , #esger , #rus , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar