Galla Ylalaşygy Boýunça Ženewada Maslahat Geçiriler

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa hepdelik metbugat ýygnagyny geçirdi.

1957592
Galla Ylalaşygy Boýunça Ženewada Maslahat Geçiriler

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa 13-nji martda Şwesiýanyň Ženewa şäherinde rus wekiliýeti bilen BMG-niň wekilleriniň arasynda galla ylalaşygy boýunça maslahat geçiriljekdigini aýtdy.

Zaharowa paýtagt Moskwada geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-niň arasynda 22-nji iýulda Stambulda gol çekişilen galla eksporty hakynda ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy barasynda durup geçdi.

Zaharowa; “Rus wekiliýetiniň we BMG-niň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda 13-nji martda Ženewada geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol maslahatda galla ylalaşygy hakynda pikir alyşylar” diýdi.

Mariýa Zaharowa rus oba hojalyk önümleriniň we döküniň eksporty boýunça bökdençlikler ortadan aýrylmasa, ylalaşygyň möhletiniň uzaldylma ähtimallygynyň pesdigini beýan etdi.

Demirgazyk Akym 1 we 2 tebigy gaz göterijilerinde geçen bolan partlamalar hakynda-da durup geçen Zaharowa, bu meselede Germaniýanyň, Şwesiýanyň we Daniýanyň wekilleri bilen rus resmileriniň gatnaşmagynda garaşsyz hem-de giňgerimli derňew işiniň geçirilmegi üçin talap bildirendiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar