Russiýa Ukrainanyň Energiýa Desgalaryna Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ukrainanyň Energetika ministrligi Russiýanyň şu gije Ukrainanyň 7 sebitindäki energiýa desgalaryna hüjümler gurandygyny habar berdi.

1957264
Russiýa Ukrainanyň Energiýa Desgalaryna Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ministrligiň ýazmaça beýannamasynda şu gije Russiýanyň Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna ýene-de “wagşy hüjüm” gurandygy mälim edildi.

Beýannamada; “Hüjümler sebäpli Zaporožýe atom elektrik belediniň soňky liniýasyna zeper ýetdi. Häzirki wagtda beket dizel generator bilen işleýär” diýilýär.

“Ruslaryň dünýäni atom betbagtçylygynyň bosagasyna getirendigi” garaýyşyna orun berilýän beýannamada, bu hüjümleriň BMG bilen Zaporožýe atom elektrik bekediniň harby gullukçylardan saplanmagy boýunça geçirilen gepleşikleriň ertesi güni guralandygyna üns çekilýär.

Beýannamada 9-njy martda ýerli wagt boýunça 06.30-dan başlap Kiýew, Mikolaýew, Harkow, Zaporožýe, Odessa, Dnepropetrowsk we Žitomir şäherleriniň energiýa desgalaryna hüjümleriň guralandygy mälim edildi.

 



Degişli Habarlar