Kristersson Terror Guramalarynyň Maliýe İşlerine Üns Bermändiklerini Boýun Aldy

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson terror guramalarynyň maliýe işlerine üns bermändiklerini boýun aldy.

1956413
Kristersson Terror Guramalarynyň Maliýe İşlerine Üns Bermändiklerini Boýun Aldy

Ulf Kristersson NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen Stokgolmda bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Kristersson sözi terrorizme garşy getirdi.

Şwesiýanyň mundan ozal terror guramalarynyň ýurdundaky maliýe işlerine degişli ünsi bermändigine ünsi çeken Kristersson; “İndi oňa ünsli çemeleşýäris. PKK üçin pul ýygnaýan adamlaryn dürli jenaýat usullaryndan peýdalanýandyklaryny we onuň hem terrory maliýeleşdirýändigini bilýäris. Hökümetiň guramaçylykly jenaýatlara garşy gönükmegi PKK-nyň işini kynlaşdyrar” diýdi.

Kristersson 9-njy martda Şwesiýanyň Mejlisinde terrorizm bilen bagly täze jenaýat kodeksini sese goýjakdygyna ünsi çekip; “Bu kanun bilen bilelikde terror guramalaryna goşulmak we oňa maliýe kömegini bermek gadagan ediler. Kanun 1-nji iýundan güýje girer” diýdi.

Ýurdunyň halkara terrorizm bilen göreş üçin bu kanuna zerurlyk duýýandygyny aýdan Kristersson; “Şwesiýa, Finlýandiýa we Türkiýe üçtaraplaýyn ähtnama bilen terror guramalaryna bilelikde göreşmek hakynda ylalaşdy” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar