BMG: Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremeleriň Türkiyä zyýany 100 milliard dollardan geçer

BMG Türkiyede 6-njy fewralda başdan geçirilen, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň ýetiren zyýanlarynyň mukdarynyň 100 milliard dollardan geçjekdigini habar berdi

1956180
BMG: Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremeleriň Türkiyä zyýany 100 milliard dollardan geçer

BMG-nyň Galkynyş programmasynyň Türkiye boýunça wekili Luiza Winton, BMG-nyň Ženewadaky ofisinde geçirilen hepdelik metbugat ýygnagyna Türkiyäniň Gaziantep welaýatyndan göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

6-njy fewralda başdan geçirilen ýer titremelere 1 aýyň geçendigini aýdan Luiza Winton, ýer titreme sebäpli sebitdäki 2,7 million adamyň başga ýerlere göçendigini, 600 müňe golaý binanyň we iş ýeriniň ýumrulandygyny mälim etdi. 

Winton: "Şu günki güne çenli geçirilen hasaplamalar bilen hökümet tarapyndan berilen we halkara hyzmatdaşlaryň goldan zyýanyň mukdarynyň 100 milliard dollardan geçjekdigi çak edilýär" diýip belledi. 

Luiza Winton, tebigy apatyň möçberiniň ozal görülip-eşidilmedik derejededigini belläp: "Harabalayklarda adamlaryň öýleri, arzuw-hyýallary, ýatlamalary, ähli zady ýumruldy. Bu şolar ýaly uly apat welin 100 million kub metr harabalyk emele geldi we ol örän uly mukdar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar