ÝB, Gresiýanyň Demir Ýol Ulgamynyň Döwrebaplaşdyrylmagyna Kömek Berer

Demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ÝB, Gresiýa tehniki taýdan kömek berer

1955587
ÝB, Gresiýanyň Demir Ýol Ulgamynyň Döwrebaplaşdyrylmagyna Kömek Berer

ÝB, Gresiýada geçen hepde 57 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan otly heläkçiliginden soň ýurduň demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin kömek berer.

ÝB Komissiýasynyň başlyğy Ursula fon der Laýen, şu gün irden Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis bilen bu mesele hakynda pikir alyşandygyny mälim etdi.

Laýen sosial mediadan beren habarnamasynda, Mikotakis bilen demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we howpsuzlygyň artdyrylmagy üçin ÝB-niň Gresiýa tehniki taýdan kömek berjekdigini belledi.

Fon der Laýen şu hepde ÝB Komissiýasynyň hünärmenleri bilen ÝB-niň demir ýol gullugynyň hünärmenleriniň Gresiýa gitjekdigini nygtady.

Gresiýanyň demirgazygynda Larisa şäheriniň golaýynda geçen hepde iki otlynyň kakyşmagy sebäpli esasy bölegi ýaşlardan ybarat 57 adam ýogalypdy.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #demir ýoly , #Gresiýa , #ÝB

Degişli Habarlar