Indoneziýada Ýer Süýşmesi Sebäpli 11 Adam Pida Boldy
Indoneziýanyň Natuna sebitinde bolan ýer süýşmesinde 11 adam ýogaldy, onlarja adam dereksiz ýitdi.
Milli tebigy betbagtçylyk dolanşygynyň ýolbaşçylary Natunanyň Sarasan obasynda güýçli ýagyş sebäpli ýer süýşmesiniň bolandygyny beýan etdiler.
Resmiler ýer süýşmesinde obadaky öýleriň toprak üýşmekleriniň aşagynda galandygyny aýtdylar.
Gözleg-halas ediş işlerinde 11 adamyň jesediniň tapylandygyny beýan eden ýolbaşçylar, pida bolanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdiler.
Resmiler onlarça polis gullukçysynyň, esgeriň we meýletiniň gatnaşmagyndaky gözleg-halas ediş işleriniň aragatnaşyk ulgamyndaky näsazlyklar we howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli kynçylyklara garamazdan dowam edýändigini mälim etdiler.
Milli tebigy betbagtçylyk dolanşygynyň metbugat sekretary Abdul Muhari ýer süýşmesinde zyýan çekilen ýerlere henizem barlyp bilinmändigini aýtdy.
Muhari 50 adamyň dereksiz ýitendigini beýan etdi.
Degişli Habarlar
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ukraina we Ysraýyla Goşmaça Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady
Baýden, Ukraina 61, Ysraýyla hem 26 milliard dollarlyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.