Meksikada ABŞ-nyň 4 raýaty zamun alyndy

Meksikanyň Matamoros şäherinde ýaragly adamlar ABŞ-nyň 4 raýatyny zamun aldy

1955321
Meksikada ABŞ-nyň 4 raýaty zamun alyndy

ABŞ-nyň Federal Derňew býurosyndan berilen beýanatda, ABŞ-nyň Tehas ştatynyň golaýyndaky Matamoros şäherine ulag bilen geçen 4 amerikan raýatynyň Meksika girenlerinden gysga wagt soň, zamun alynandyklary habar berildi. 

Beýanatda: "ABŞ-nyň 4 raýaty wakanyň bolan ýerinde ýaragly adamlar tarapyndan ulaglaryna mündürilip, alynyp gidildi" diýip beýan edildi. 

ABŞ-nyň Federal Derňew býurosynyň zamun alynan 4 amerikan raýatynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi we günälileriň tussag edilmegi üçin 50 müň dollar baýrak goýandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #zamun almak , #ABŞ , #Meksika

Degişli Habarlar