Sergeý Lawrow hytaýly kärdeşi Sin Gan bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hytaýly kärdeşi Sin Gan bilen geçiren duşuşygynda Ukraina meselesini ele aldy

1954032
Sergeý Lawrow hytaýly kärdeşi Sin Gan bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde geçirilen G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Hytaýyň Daşary işler ministri Sin Gan özara duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşykda ministrleriň Hytaýyň Ukraina krizisiniň syýasy çözgüt babatyndaky çemeleşmesi bilen birlikde Ukrainadaky ýagdaýy we beýleki halkara meseleleri maslahatlaşandygy aýdylýan beýanatda: "Maslahatlaşylan ähli meselelerde ýokary derejede ýakynlyk we pikir birligi beýan edildi. Beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak, haýýarlyk we hemle arkaly birtaralaýyn häsýetdäki çemeleşmeleriň mejbur edilmegi, halkara gatnaşyklaryň demokratiýalaşmagyna garşy bolan tagallalar özara ylalaşyk içinde ret edildi. Iki ýurduň arasyndaky daşary syýasat gatnaşyklaryny has hem çuňlaşdyrmak maksady bilen ýüzbe-ýüz bolmak bilen dowamly häsýetde aragatnaşyk saklanmagynyň ähmiýeti ýene-de bir gezek tassyklandy" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Hytaýyň Daşary işler ministri Sin Gan, Russiýa Federasiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2023 Geňeşmeler meýilnamasyna gol çekişdiler. 



Degişli Habarlar