Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk tapgyrynyň üstünde durup geçdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý: "Ukrainanyň ÝB-niň agzalygyna kabul edilmegi bilen parahatçylykly, erkin we jebis beýik Ýewropa taslamasyny ajaýyp ýagdaýa getireris" diýdi

1952839
Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk tapgyrynyň üstünde durup geçdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk dalaşgärliginiň üstünde durup geçdi.

Bir ýyl ozal Ukraina-Russiýa söweşiniň 5-nji gününde Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk üçin ýüz tutandygyny ýatladan Zelenskiý: "Dalaşgärlik aldyk. Şu ýyl agzalyk gepleşiklerine başlamak barada karar kabul etmegiň wagty geldi" diýip belledi. 

Wladimir Zelenskiý: "Ukrainanyň ÝB-niň agzalygyna kabul edilmegi bilen parahatçylykly, erkin we jebis beýik Ýewropa taslamasyny ajaýyp ýagdaýa getireris. Göreşde bilelikdediris, ol bolsa ýeňişde bilelikde boljakdygymyz manysyny berýär. Ýaşasyn Ýewropa, ýaşasyn azatlyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar