Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýärler

Pakistandan ýer titremelerde ejir çeken adamlara berilmek üçin Malatýa welaýatyna düzüminde 2 müň 700 çadyr we 22 müň ýorgan bolan 20 ýük ulagy geldi

1951587
Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýärler
pakistan yardim tiri.jpg
suudi arabistan yardim ucagi.jpg

6-njy fewralda başdan geçirilen, Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň, Türkiyä ynsanperwer kömek ugradylmaga dowam edilýär. 

Saud Arabystanynyň Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin ugradan uçarlarynyň sanynyň 14-e ýetendigi, her bir uçaryň düzüminde 30-40 tonna aralygynda ynsanperwer kömegiň bardygy mälim edildi. 

Pakistandan ýer titremelerde ejir çeken adamlara berilmek üçin Malatýa welaýatyna düzüminde 2 müň 700 çadyr we 22 müň ýorgan bolan 20 ýük ulagy geldi. 

Germaniýanyň Toten Hosen rok topary tarapyndan Türkiyede we Siriýada başdan geçirilen ýer titremelerde zyýan çeken adamlara bagyşlap geçiren konsertde 1 million ýewrodan gowrak pul ýygnalan bolsa, Germaniýanyň Kýoln şäherinde geçirilen çärede türk we nemesler Türkiyedäki ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin doga etdiler. 

Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde ýerleşýän Türkiye Diýanat gaznasynyň Şeýh Sopy Ymam Hatip liseyi, Türkiyedäki ýer titremelerde ejir çeken adamlar üçin 2 müň dollar haýyr-sahawat berdi. 



Degişli Habarlar