ABŞ-da uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 5 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynda uçanyndan gysga wagt soň ýeren gaçan kiçi uçaryň içindäki 5 adam ýogaldy

1950509
ABŞ-da uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 5 adam ýogaldy

CBS News tarapyndan berilen habara görä, Federal Awiasiýa edarasy düýn günortan Litl-Rokdaky "Bill we Hillary Clinton" milli howa menzilinden uçan 2 dwigatelli "Beech BE20" kysymly uçaryň gysga wagt soň ýere gaçandygyny habar berdi. 

Polisiýa gullugy Ogaýo ştatyndaky "John Glenn Columbus" halkara howa menziline barýarka ýere gaçan 5 adamyň hiç biriniň halas bolmandygyny mälim etdi. 

Daşky gurşaw kärhanasy CTEH tarapyndan CBS News-e berilen beýanatda, uçarman bilen birlikde uçardaky 5 adamyň ählisiniň CTEH kärhanasynyň işgärleridigi aýan edildi. 

Uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy derňelýär. 


Etiketkalar: #heläkçilik , #uçar , #ABŞ

Degişli Habarlar