Ysraýl Gaza howa hüjümini gurady

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gazada käbir nyşanalara howa hüjüminiň guralandygyny habar berdi

1950350
Ysraýl Gaza howa hüjümini gurady

Ysraýylyň harby güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde geçiren operasiýalarynyň netijesinde 1-i çaga jemi 11 palestinalyny öldürmegi, 100-den gowrak adamy bolsa ýaralamagy sebitde dartgynlygy artdyrdy. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Gazadan Ysraýylyň günortasyna 6 raketanyň atylandygy, şolaryň 5-siniň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, 1 raketanyň bolsa açyk meýdana gaçandygy habar berildi. Gazanyň golaýyndaky Sderot we Aşkelon şäherlerinde sirena sesleriniň ýaňlanandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň goşuny beren ýene-de bir beýanatynda bolsa, Gazada aralarynda Palestinanyň garşylyk guramasy Hamasa degişlidigi öňe sürülen ýarag ammarlarynyň ýerleşýän käbir nyşanalara şu gün irden Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan hüjüm guralandygy mälim edildi. 

Beýanatda hüjümleriň düýn gije Ysraýyla raketalar bilen guralan hüjümlere garşy jogap hökmünde guralandygy beýan edildi. 

Gabaw astyndaky Gazada adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #howa hüjümi , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar