ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Beýanaty “Boş Söz”
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Prezident Putin hakyndaky beýanatynyn “boş söz” bolandygyny aýtdy.

Zaharowa; “Döwlet sekretary şeýle pikir edýän bolsa, ýolbaşçylyk edýän ministrligi üçin gorkunç” diýdi.
Mariýa Zaharowa Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça hepdelik metbugat ýygnagyny geçirdi.
Zaharowa, Blinkeniň “Putiniň NATO-nuň güýçlenmegi üçin dünýadaki her bir adamdan has köp işleýändigi” hakyndaky beýanatyny “boş söz” diýip, häsýetlendirdi.
Zaharowa Blinkeniň “gödek” degişmeçidigine ünsi çekip; “Ol, sagdyn bolmadyk, samsyk we kadasyz garaýyş. Döwlet sekretary şeýle pikir edýän bolsa, ýolbaşçylyk edýän ministrligi üçin elhenç” diýdi.
NATO-nuň yzgiderli häýetde giňelýändigine ünsi çeken Zaharowa; “2022-nji ýyla çenli NATO-ny Moskwa giňeltdimi? Russiýa bilen NATO-nuň arasyndaky ylalaşygyň bozulmagyndan biz günäkärmi? Bu ylalaşygy günbatar bozdy. Ýene biz günäkärmi? Şeýle samsyklyk derejesine nähili ýetip bolar? Olar, planatymyzy onsuz hem durnuksyzlaşdyrdylar. NATO uzak ýyllaryň dowamynda ýaranlyk hökmünde yzgiderli giňedi. Biz onuň aladalandyryjydygyny we netijeleriň boljakydygyny yzgiderli beýan etdik” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukraina sapary hakynda-da durup geçen Zaharowa, bu saparyň Ukrainada 2014-nji ýyldaki Meýdan wakalarynyn bolan gününde guralandygyna ünsi çekdi.
Nataliýa Zaharowa; “Hem krimonologlaryň hem-de psihologlaryň aýdýan sözüni ýatlamak ýerlikli bolar: jenaýatçy elmydama wakanyň bolan ýerine geler” diýdi.