Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasoda ýurduň goşunyna garşy guralan terrorçylykly hüjümde 51 esger ýogaldy

1949326
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň goşunyndan berilen beýannama görä, Sahel sebitinde ýerleşýän Oudalan etrabynda ýerleşdirilen esgerlere garşy guralan terrorçylykly hüjümde 51 esger ýogaldy. 

Esgerler bilen terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda bolsa 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Goňşy döwlet bolan Malidäki Al Kaýda we DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan terrorçy toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan terrorçylykly hüjümler guraýarlar. 

Berilen maglumata görä guralan hüjümlerde 2015-nji ýyldan 2021-nji ýylyň dekabr aýyna çenli 600-i howpsuzlyk güýçlerinden bolan jemi 2 müň adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar