Palestinaly Hurma Öndüriji 15 Müň Tonna Hurma Kömegini Berdi

Hurma öndüriji Emirates firmasy ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 15 müň 600 kilogram hurma ugratdy.

1947528
Palestinaly Hurma Öndüriji 15 Müň Tonna Hurma Kömegini Berdi

Palestinaly hurma öndüriji, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 15 müň tonna hurma kömegini berdi.

Basyp alyşlyk astynda bolan palestinalylar, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan  “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremeleri sebäpli Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýär.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde gözleg we halas ediş toparlaryny ugradan Palestina şolbir wagtda nagt pul kömegini hem berýär.

Palestinaly hurma öndüriji Emirates firmasy hem ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 15 müň 600 kilogram hurma ugratdy.

Merkezi Ramallah şäherinde ýerleşýn firmanyň ýolbaşçysy Mehdi Adas, hurmanyň ýokumlylyk taýdan güýçlidigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar