ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Türkiýä Geler

Blinken19-njy fewralda Türkiýä giler

1947180
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Türkiýä Geler

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremelerinden soň sebite beriljek kömekler bilen birlikde birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä geler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Blinkeniň 16-njy fewralda Mýunhen howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Germaniýa gitjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, konferensiýada Ukraina beriljek kömek, sebitleýin howpsyzlyk we güýç merkezi Kahramanmaraşda, 11 welaýatda we Siriýada uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň sebite beriljek ynsanperwer kömekleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

Beýannamada, Blinkeniň 19-njy fewralda bolsa Türkiýä gitjekdigi, ABŞ-nyň ýer titremesi sebäpli ejir çekýänlere berilýän kömeklerini ýerinde görjekdigi we İnjlirlik howa bazasyna barjakdygy nygtaldy.

Döwlet sekretary Blinkeniň saparynyň çäginde paýtagt Ankarada bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşjakdygy bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Türkiýeden soň Gresiýa gider.

 



Degişli Habarlar