Papa Frankis Ýer Titremesinde Ejir Çekenler Bilen Arkalaşyk Üçin Çagyryş Etdi
Papa Frankis 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bala barabar ýer titremelerinden soň Türkiýede we Siriýada ejir çekenler bilen arkalaşyk üçin çagyryş etdi.

Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Frankis 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bala barabar ýer titremelerinden soň Türkiýede we Siriýada ejir çekenler bilen arkalaşyk üçin çagyryş etdi.
Papa Frankis Watikanda çarşenbe günleri geçirýän umumy kabul edişliginde Türkiýede başdan geçirilen we Siriýa bilen birlikde giň sebitde duýulan ýer titreme apaty hakynda durup geçdi.
Papa Frankis; “Häzirki wagtda göwnüm müňlerçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan tebigy apatda agyr ýitgi çeken Türkiýäniň we Siriýanyň halklarynyň ýanynda. Olar üçin doga okaýaryn. Bu agyr apatdan ejir çekenlere we halklara duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.
Hemmeleri bu tebigy apatda ýer titrmesiniň başdan geçirilen ýerleri bilen arkalaşyga çagyran Papa; “Bu doganlarymyzyň tragediýadan halas bolmaklary üçin doga okalyň” diýdi.
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.