Palestinada ýer titreme boldy
Palestinada 4,8 bal ululygynda ýer titreme boldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Nablus şäherindäki Al-Nejah Al-Watani uniwersitediniň Ýer titreme merkeziniň müdüri Jelal al-Dubeýk, ýer titremäniň güýç merkeziniň Nablus şäheriniň 13 km demirgazygydygyny habar berdi.
Dubeýk 4,8 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi.
Ýer titreme Iýerusalim, Ramallah we Nablus şäherlerinde duýuldy.
Ýer titremede adam pidalarynyň we maddy zyýanyň çekilip-çekilmändigi barada bolsa maglumat berilmedi.
Degişli Habarlar

Taýwanyň ABŞ-dan Satyn Alan Raketalary Şu Ýyl Gowşurlar
Raketalaryň Taýwana satylmagy üçin ABŞ bilen 2019-njy ýylyň iýul aýynda şertnama baglaşylypdy

HPG, Ukraina 15,6 Milliard Dollarlyk Maliýeleşdiriş Kömegini Berer
Karara laýyklykda 2,7 milliad dollaryň gyssagly tölenmegine rugsat berildi