Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1356 adama ýetdi

Ýer titreme Siriýanyň Idlib, Halap, Hama, Latakiýa, Tartus we Rakka welaýatlarynda güýçli ýagdaýda duýuldy

1942791
Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1356 adama ýetdi

Güýç merkezi Türkiyäniň Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde, Siriýanyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde azyndan 1356 adam ýogaldy, 3 müň 419 adam ýaralandy. 

Ýer titreme Siriýanyň Idlib, Halap, Hama, Latakiýa, Tartus we Rakka welaýatlarynda güýçli ýagdaýda duýuldy. 

Ýer titreme sebäpli ady agzalan welaýatlarda uly weýrançylyklar başdan geçirildi. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň habarlar agentligi SANA tarapyndan berilen habarlara görä, Halap, Latakiýa, Hama we Tartus welaýatlarynda Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde 656 adam ýogaldy, 1419 adam ýaralandy. 

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki sebitlerde hem köp sanda bina ýumruldy we zyýan ýetdi. 

Siriýanyň Adan hukuklary tory, Raýat goranyş topary, ýerli resmiler, saglygy goraýyş edaralary we ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä, Siriýanyň Idlib bilen Ýewfrat Galkany we Zeýtun şahajygy sebitlerinde azyndan 700 adam ýogaldy, 2000-den gowrak adam ýaralandy. 

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Siriýa

Degişli Habarlar