BSGG Ýer Titremesine Uly Gynanç Bildirýär

“Dubaýdaky logistiki merkezimizden uçjak 3 uçar bilen Türkiýä we Siriýa lukmançylyk enjamlary kömegini berýäris”

1943156
BSGG Ýer Titremesine Uly Gynanç Bildirýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagy üçin türk ýolbaşçylar bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini belledi.

Ýer titremesi sebäpli uly gynanç bildiren Gebreýesus, güýç merkezi Kahramanmaraş bolan we 10 welaýatda duýulan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi boýunça guramanyň durmuşa geçirýän işleri hakynda maglumat berdi.

BSGG-nyň ýer titremesi sebäpli çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagy üçin türk ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýdan Gebreýesus, Türkiýede we Siriýada ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň jemi sanynyň 4 müň, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 18 müň 770 adamdan geçendigini belledi.

Gurama hökmünde gysga wagtda lukmançylyk enjamlary kömegini berjekdiklerini aýdan Gebreýesus “Dubaýdaky logistiki merkezimizden uçjak 3 uçar bilen Türkiýä we Siriýa lukmançylyk enjamlary kömegini berýäris” diýdi.



Degişli Habarlar