Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Yrakda Saparda Bolýar
Sergeý Lawrow Yragyň paýtagty Bagdatda kärdeşi Fuad Hüseýin bilen duşuşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Yragyň paýtagty Bagdatda kärdeşi Fuad Hüseýin bilen duşuşdy.
Lawrow bilen Hüseýin, Yragyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.
Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşandyklaryny mälim etdi.
Ýurdunyň söweş sebäpli uly zyýan çekýändigini aýdan Hüseýin, “Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýäris. parahatçylyk gepleşiklerine doly goldaw berýäris” diýdi.
Rus firmalarynyň Yrakda nebit-gaz pudagyna goýan maýa goýumlary hakynda durup geçen Hüseýin, “Çarşenbe güni ýokary derejeli resmi wekiliýet bilen ABŞ-da saparda bolarys. Russiýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi meselesini gün tertibine getireris. Sanksiýalar Yraga uly zeper ýetirýär”diýip belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem, kärdeşi Fuad Hüseýin bilen iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar we maýa goýum mümkinçilikleri hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.
Lawrow Yraga guraýan saparynyň çäginde Prezident Abdullatif Raşid we Premýer-ministr Muhammed Şiýa Al Sudani bilen hem duşuşar.
Degişli Habarlar

Germaniýada jynsparaz jenaýatlar artýar
Germaniýada geçen 2022-nji ýylda aşa sagjylar azyndan 23 müň 83 jenaýat işini amala aşyrdylar