Dünýä ýurtlary Türkiyä gynanç bildirýärler

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1942224
Dünýä ýurtlary Türkiyä gynanç bildirýärler

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, güýç merkezi Kahramanmaraş etrabynyň Pazarjyk etraby bolan we ýurduň jemi 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,4 bal ululygyndaky ýer titreme sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugratdy. 

Azerbaýjanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Ilham Aliýew gynanç ýüzlenmesinde: "Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen we doganlyk Türkiyäniň ençeme ýerinde duýulan güýçli ýer titremäniň netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar bizi çuňňur gynandyrdy. Bu kyn günlerde islendik kömegi bermäge taýardygymyzy nygtap geçýäris, size, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, doganlyk Türkiyäniň halkyna hut öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan gynanç bildirýärin, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin, ýer titremäniň täsiriniň iň tiz wagtda ortadan aýyrlmagyny dileýärin" diýip habar berdi. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Kipr türk halkynyň Türkiyäniň gam-gussasyny ýürekden paýlaşýandygyny belläp, adam pidalarynyň iň az derejede bolmagy barada dileg etdi.

Türkiye bilen hemişe raýdaşlyk içinde bolandyklaryny aýdan Ersin Tatar: "Ýogalan adamlara Allatagalladan rehnet, ýaralanan doganlarymyza gyssagly şypa we ata watan Türkiyä duýgudaşlyk bildirýäris, hut öz adymdan we DKTR-nyň raýatlarynyň adyndan çuňňur gynanç bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif hem Twitter hasabyndan gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Şahbaz Şerif gynanç ýüzlenmesinde: "Türkiyäniň günota-gündogar sebitine täsir ýetiren bu uly ýer titreme baradaky habar bizi örän gynandyrdy. Başdan geçirilen adam pidalary we şikes ýetmeler sebäpli doganym Prezident Rejep Taýýip Erdogana we doganlyk Türkiyäniň halkyna çuňňur gynanjymy bildirýärin" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň Pakistana iň kyn günlerinde ýardam elini uzadandygyny ýatladan Şahbaz Şerif, Yslamabadyň mümkin bolan her dürli goldawy berjekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar