Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Hökümetara Geňeşiniň Maslahaty Almatyda Geçirilýär
Maslahata Bileleşige agza ýurtlaryň premýer-ministrleri gatnaşýar.

Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailowuň ýer eýeçiliginde 2 gün dowam etjek maslahata Bileleşigiň agzalary Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin, Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gyrgyzstanyň Premýer-ministri Akylbek Japarow we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşýar.
Maslahatyň birinji gününde çäklendirilen çarçuwada duşuşan taraplar Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde bilelikdäki tebigy gaz bazarynyň döredilmegi boýunça halkara ylalaşyk taslamasynyň düzülmegi, alkogol bazarynyň kadalaşdyrylmagy we Bileleşigiň sebitleýin galkynyş guramalarynyň alyp barýan işleri seljerildi.
Şu gün geçiriljek giňeldilen formatdaky maslahatda bolsa Bileleşige agza ýurtlaryň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, tehniki ylalaşyklar, demir ýol we ýük gatnawy, energetika ýaly ugurlaryň başda durmagynda gün tertibiniň beýleki maddalary ara alynyp maslahatlaşylar.
Hökümet ýolbaşçylary 5-nji Almaty Digital Halkara Forumyna hem gatnaşarlar.
Degişli Habarlar

Nowruz baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär
ABŞ-da Ak Tamda hem Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Germaniýada jynsparaz jenaýatlar artýar
Germaniýada geçen 2022-nji ýylda aşa sagjylar azyndan 23 müň 83 jenaýat işini amala aşyrdylar