Ýaranlaryň Berjek Ýaraglary Bilen Russiýa Hüjüm Etmeris
Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow ýaranlaryn özkerine berjek ýaraglary bilen Russiýanyň terroritoriýasyna hüjüm guramajakdyklaryny beýan etdi.

Ministr Reznikow paýtagt Kiýewde geçirilen Ukraina-ÝB toparynyň maslahatynda, ýaranlaryň Ukrainanyň goşunlaryna berýän ýarag kömegi hakynda beýannama berdi.
Reznikow “Patriot” we “SAMP-T” howa horanyş ulgamlarynyň ýany bilen täze “IRIS-T” we “NASAMS” raketalarynyň hem gysga möhletde getirilmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.
Ukrainanyň uzak aralykly raketalar biln Russiýa hüjüm etmejekdigini kepillendirmäge taýýardyklaryny nygtan Reznikow; “300 kilometrlik aralykdan urup düşürme mümkinçiligine eýe bolsak, rus goşuny goranyşy üpjün edilmez we yza çekilmäge mejbur bolar. Ukraina ýaraglaryňyzyň Russiýanyň terroriýasyna hüjümde ulanmajakdygyny kepillendirmäge taýýar. Häzirlikçe basylyp alynan etraplardan ýeterlik nyşana bar. Biz nyşanalary kesgitlemegi ýaranlarymyz bilen kesgitlemäge taýýar” diýdi.
Degişli Habarlar

Nowruz baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär
ABŞ-da Ak Tamda hem Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Germaniýada jynsparaz jenaýatlar artýar
Germaniýada geçen 2022-nji ýylda aşa sagjylar azyndan 23 müň 83 jenaýat işini amala aşyrdylar