Amerika Materiginiň İň Uly Tussaghanasy El Salwadorda Açyldy
El Salwadoruň döwlet Ýolbaşçysy Naýib Bukele Tekoluka etrapçasynda ýerleşýän jülgede 166 gekdar meýdanda 40 müň ýatak jaýly Amerika materiginiň iň uly tussaghanasyny açdy.

Bukele Twitter hasabyndan beren habarnamasynda ýurdunda garakçy toparlaryna garşy göreşmek üçin gurlan we Amerika materiginiň iň uly tussaghanasydygy beýan edilen “Terror saklaýyş merkezi” hakynda; “Terror saklaýyş merkezini açdyk. 7 aýyň dowamynda gurlup gutaryldy we şol bir wagtda-da garakçy toparlara garşy göreşde üstün çykmaga uly goşant goşar” diýdi.
Adalat we jemgyýet ministriniň orunbasary Osiris Kuna bolsa bu merkeziň döwrebap tehnologik şertlerde gurlandygyny, 600 esger, 250 polis gullukçysy we goragçylar tarapyndan gije-gündiz goraljakdygyny beýan etdi.
Degişli Habarlar

Nowruz baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär
ABŞ-da Ak Tamda hem Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Germaniýada jynsparaz jenaýatlar artýar
Germaniýada geçen 2022-nji ýylda aşa sagjylar azyndan 23 müň 83 jenaýat işini amala aşyrdylar