Fransiýada öýsüz adamlaryň sany artýar

Fransiýada kireýlerini ýa-da hasap-fakturalaryny töläp bilmeýänleriň sany bolsa 12 million adamdan geçdi

1940709
Fransiýada öýsüz adamlaryň sany artýar

Fransiýada öýleriň kireýleriniň gymmatlamagy sebäpli meseleler başyndan geçirýän adamlaryň sany 4 million adamdan geçdi, öýsüz-öwzarsyz adamlaryň sany bolsa 330 müň adama ýetdi. 

Merkezi Fransiýada ýerleşýän Abbe Pierre ýardam gaznasy, ýurtda 2022-nji ýyldaky ýaşaýyş meseleler bilen bagly habarnama çap etdi. 

Habarnama görä, Fransiýada öýsüz-öwzarsyz adamlaryň sany bolsa 330 müň adama ýetdi we şol görkeziji soňky 10 ýylda 130 göterim artdy. 

Şolaryň 200 müňi gyssagly kömek ýaşaýyş jaýlarynda, 110 müňi wagtlaýyn penalyk ýerlerinde, 27 müňi bolsa köçelerde, metrolarda, çadyrlarda ýa-da ulaglarynda ýatmaga mejbur galýarlar. 

Fransiýada kireýlerini ýa-da hasap-fakturalaryny töläp bilmeýänleriň sany bolsa 12 million adamdan geçdi. 

Fransiýada 2022-nji ýylda soňky 30 ýyl bäri energiýa başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça ozal görülip-eşidilmedik derejede bahalar gymmatlady. 

Prezident Emmanuel Makron Prezident wezipesine 2 gezek saýlanmagyna garamazdan, ýurtdaky ýaşaýyş jaý meselesini hökümediň ýol kartasynda esasy oruna goýmazlyk bilen tankyt edilýär. 



Degişli Habarlar