Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Gurhanyň Ýakylmagyna Berk Çäre Görülmegini Isledi

YHG Ýewropa ýurtlarynyň hökümetlerini Şwesiýada, Gollandiýada we Daniýada Gurhany ýakyp, oňa äsgermezçilik edenlere garşy “berk çäre” görülmegi üçin çagyş etdi.

1940519
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Gurhanyň Ýakylmagyna Berk Çäre Görülmegini Isledi

Guramanyň ýazmaça beýannamasynda Şwesiýada, Gollandiýada we Daniýada Gurhanyň ýakylmagy boýunça guramanyň pozisiýasyny beýan etmek maksady bilen Ýerine ýetirijiler geňeşiniň nobatdan daşary maslahat geçirendigi mälim edilýär.

Beýannamada maslahatda Yslamafobiýanyň pespäl düzgünbozmalaryň jenaýatkärlerine garşy guramanyň görjek çäreleriniň seljerilendigi nygtalýar.

Guramanyň beýannamasyna görä maslahatda çykyş eden YHG-nyň Baş sekretary Hüseýn Ibrahim Taha, Ýewropada aşa sagçy aktiwistleriň geçirýän meçew beriji aksiýalaryna närazylygy ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

Taha; “Esasanda şeýle meçew bermeler öz ýurtlarynda aşa sagçylar tarapyndan gaýtalanan halatynda degişli hökümetler berk çäre görmeli” diýdi.

Şeýle meçew bermeleriň gaýtalanmazlygy üçin degişli ähli taraplary berk çäre görmäge çagyran Taha, Gurhany bilkastlaýyn ýakmaklyk we Hezreti Muhammede äsgermezçilik etme aksiýalarynyň diňe Yslamafobik waka hökmünde görülmeli däldigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar