Fransiýanyň Prezidenti Gollandiýada saparda boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmenuel Makron, zerur şertler ýerine ýetirilen halatynda Ukraina harby uçarlaryň ugradylyp bilinjekdigini beýan etdi

1940054
Fransiýanyň Prezidenti Gollandiýada saparda boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmenuel Makron, Gollandiýa guran saparynyň çäginde duşuşan Premýer ministr Mark Rýutte bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mark Rýutte bilen geçiren söhbetdeşliklerinde Ukraina meselesini ele alandyklaryny aýdan Makron, Ukrainany ähli ugurlar boýunça we gerek bolan mukdarda goldamakda tutanýerlidiklerini beýan etdi. 

Ukraina harby uçarlaryň ugradylyp-ugradylmajakdygy bilen bagly soraga: "Hiç bir zat uzak däl" diýip aýdan Makron, dartgynlygy artdyrmazlyk, rus territoriýasynda ulanmazlyk we Fransiýanyň goşunynyň güýjüni gowşatmazlyk şertlerinde, Ukraina harby uçarlarynyň berilip bilinjekdigini mälim etdi. 

Makron Ukrainanyň harby uçarlar üçin resmi ýagdaýda talap bildirmeginiň gerekdigini bellän bolsa, Rýutte Ukraina tarapyndan häzirki wagta çenli olar ýaly talabyň bolmandygyny nygtady. 

Beýleki tarapdan bolsa Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastýen Lekornýu, Fransiýanyň we Awstraliýanyň Ukraina müňlerçe 155 mm-lik gaubisa okuny ugratjakdygyny habar berdi. 

Lekornýu ilkinji gowşurylyş tapgyrynyň öňümizdäki hepdelerde başlajakdygyny aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Wengriýanyň Goranmak ministri Kristof Salaý-Bobrowniskiý ýurdy bilen Awstriýanyň söweşi has hem dartgynlaşdyrmazlyk üçin Ukraina ýarag ugratmajakdygyny belledi. 



Degişli Habarlar